Medeniýet we sungat-Watanymyzyň egsilmez ruhy baýlygydyr

7069 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: “Her bir halkyň öz milli özboluşlylygyny, keşbini suratlandyrýan milli medeni mirasy, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren gymmatly taglymatlary, röwşen pikirleri bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, biz bütin adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýarys we şol esasda-da hakykaty, haýry dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda çalyşmalydyrys” diýip belläp geçýär. Bu ajaýyp pähimlerden ugur alyp, berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa goýulýar. Sebäbi milli sungat, medeniýet, mukaddes maksada-adamlary ýagşy işlere ruhlandyrmaga, halkyň agzybirligini gazanmaga, ony mukaddes ýörelgeleriň daşynda jebisleşdirmäge gulluk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamy belent derejelere eýe bolýar, medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy, täze döwrüň talaplaryna görä ösdürmek babatdaky alyp barýan işleri bu gün bütindünýä nusgalykdyr.
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanda pederlerimizden galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär we medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
Türkmen medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewiligini aýawly saklamaga gönükdirilen. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, maslahatlar, festiwallar, we şol sanda halkara derejedäki bäsleşikler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.
Däp bolup gelşi ýaly, Medeniýet hepdeligi Eziz Diýarymyzda giňden bellenilýär, bu ajaýyp sene, ýagny, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde Aşgabat şäher Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly, medeni çäre geçirildi.Ýokary okuw mekdebimiziň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym sazly çykyşlar, talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň ýürek buýsançlary çäräniň ruhubelentligini has-da artdyrdy.
Çäräniň dowamynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.
Baýramgül Kulyýewa, Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20