GÜLÜŇ OWADAN
389Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde giň gerimli medeni çäreler geçirilýär. “GÜLÜŇ OWADAN” bäsleşigi hem baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň Türkmenistanyň Milli komissiýasynyň sekretariaty tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik çuňňur many-mazmuna we ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bäsleşik türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we gadymy sungat görnüşlerini wagyz etmek, nesilden-nesle geçip gelýän hünärmentçilik däpleriniň dowamatlylygyny saklamak maksady bilen her ýyl geçirilýär. Bäsleşigiň dowamynda çeper elli zenanlar türkmen milli keçeleriniň taryhyny we gözelligini açyp görkezdiler, olaryň taýýarlanyş usullaryny hem-de sungat derejesine ýetirilen ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Mundan başga-da, döredijilik bäsleşiginiň çäginde türkmen öýleriniň bezegi bolan keçeleriň nagyşlarynyň gözelligi baradaky gyzykly maglumatlar, rowayatlar, yrym-ynançlar we goşgular ýaňlandy. Gatnaşyjylar üç ugur boýunça bäsleşdiler. Birinji tapgyrda olar çig maly taýýarlamagyň syrlary, boýama tehnologiýalary barada gürrüň berdiler. Soňra, amaly tabşyrygyň çäginde çeper elli zenanlar çäklendirilen wagtyň içinde ölçegi 1,5-iň 1,0 metre bolan keçe düşeginiň ýüzüne nusgawy nagyşlary salmaly boldular. Jemleýji synag bolsa rowayatlar we hekayatlar bilen utgaşdyrylan aýdymlary ýerine ýetirmek bäsleşigi bilen utgaşyp gitdi.
B.Kulyýewa.,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy