Ýürek buýsanjym

23 Men Ekäýewa Aýjemal. Şu gün meniň durmuşymda iň bagtly we unudylmajak günleriň biri, sebäbi men Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby boldum. Mekdep döwrümde ders bäsleşiklerine we birnäçe olimpiýadalara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagym maňa bu sepgide ýetmäge uly itergi berdi. Durmuşymyň täze, möhüm tapgyryna gadam basýan pursadymda, biziň bilim almagymyz we bagtyýar geljegimiz üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Ýaşlara bildirilýän bu beýik ynamy ödemek üçin mundan beýläk-de asty we tutanýerli okajagyma, saýlap alan hünärimiň kämil eýesi bolup, Watanymyzyň ösüşlerine uly goşant goşajakdygyma ynandyrýaryn!.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20