“Gözel bardyr gözellerden zyýada”
222 Halkymyzyň zenanlara goýýan hormatynyň çägi ýokdur. Zenan maşgalany gyzy, gelni, maşgalasy, enesi hökmünde sylamak türkmeniň asylly edebinden nyşandyr. Gyz maşgala görüm-göreldesi bilen özüni tanadýar. Zenan mertebesi edebi bilen belentlige eýedir. Şoňa görä-de, edebiýat meýdanynda gelin-gyzlaryň ahlak gözelligi ýokary derejede wasp edilýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Durasyň geler” atly goşgusyndaky: “Gözel bardyr, gözellerden zyýada,Onuň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli, ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler-” diýen setirlerinde hem beýan edilýär.
Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny dünýäde bar bolan ähli mukaddesliklere deňeýär. Gelin gyzlarymyzda biziň halkymyza mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Türkmen gyzy diýlende sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylýar. Ýelden-günden gorap, kemala getiren perzendiňi diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.
2026-nji ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Halkara 8 mart Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda türkmen gyzlarynyň edep-ekramyny, akyl-paýhasyny, owadanlygyny wasp edip “Gözel bardyr gözellerden zyýada” atly aýdym sazly baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelent ýagdaýda geçirildi. Bu dabara talyplaryň ýerine ýetirmeginde sahna çykyşlary, aýdymlar, tanslar bilen utgaşyp gitdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň berk binýady hasaplanýan ýaşlara uly ynam bildirýär. Türkmeniň ahlak gymmatlyklary esasynda, watansöýüji, lebzi halal, hünärine ussat ýaşlary ýetişdirmek biz mugallymlaryň mukaddes borjumyzdyr.
B.Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy