“Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigi
535 Türkmenistanyň ykdysadyýetine innowasiýalary ornaşdyrmak, maglumat we sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, bäsleşik esasynda öňdebaryjy pikirleriň döremegine hem-de olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam bermek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek we intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň işlerini täjirleşdirmek arkaly olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda 2026-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigi geçirilýär.Bu bäsleşik 2 (iki) ugur boýunça geçiriler. I ugur boýunça bäsleşik çäklendirilen patentleriň eýeleriniň arasynda, II ugur boýunça bäsleşik awtorlyk şahadatnamalarynyň hukuk eýeleriniň arasynda geçirilýär. Bäsleşige hödürlenilýän ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň resminamasynyň döwlet bellige alnan senesi 2020-nji ýylyň başyndan bäri bolmalydyr. Bäsleşige her ugur boýunça ýokary okuw mekdeplerinden 1 (bir) gatnaşyjy hödürlenilip biliner. Hödürlenilýän gatnaşyjy çäklendirilen patentiň ýa-da awtorlyk hukugynyň şahadatnamasynyň hakyky hukuk eýesi bolmalydyr. Awtordaşlara gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler nusga laýyklykda taýýarlanylan maglumaty we intellektual eýeçiligiň resminamasynyň (çäklendirilen patent we awtorlyk hukugynyň şahadatnamasy) elektron görnüşini tituki.ylym.bolum@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň mart aýynyň 20-ne çenli ugratmaly. Bäsleşik barada doly Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň resmi saýtynda (https://tituki.edu.tm) tanşyp bilersiňiz.