Ylymlar güni. Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir.
35 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy täze belentliklere göterilýär. Biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda hem talyp ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek boýunça uly işler amala aşyrylýar.Ylym-bilim ulgamy — bu döwletiň kuwwatydyr, geljegidir.
12-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň türkmen ylmyny ösdürmek babatda edýän tagallalary we hemmetaraplaýyn goldawlary ylmy jemgyýetiň wekillerini hemme taraplaýyn ruhlandyrýar.
Ynha şeýle toýly günlerde Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň "Awtomobil ulagynyň ulanylyşy" kafedrasynyň uly mugallymy Oguljan Aýnazarowa Seýliýewna hem TEHNIKI YLYMLARYŇ KANDIDATY diýen alymlyk derejesi berildi.
Biz hem öz gezegimizde şeýle hormatly ady bilen halypa mugallymymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. üstünlikleriň hemişe höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!