“BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ YLMY GADAMLARY” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
27 Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda ýokary derejede bellenip geçilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ YLMY GADAMLARY” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň innowasion syýasaty ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine getirdi. Ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralaryň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, ýaşlara bilim bermegiň öňdebaryjy, interaktiw usullarynyň ulanylmagy, öz gezeginde, milli ylym-bilim ulgamynyň düýpgöter täze häsiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen ylmy täze sepgitlere ýetdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary ylmy esaslarda işlenip taýýarlanylýar we netijeli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we edara-kärhanalarynda häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli amaly häsiýetli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, ýaş alymlary höweslendirmek we bilimli, ylymly nesli kemala getirmek babatynda alyp barylýan giň göwrümli işleri barasynda çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň umumy mejlisinde halypa mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» ýurdumyzyň ylym ulgamynyň maddy binýadynyň berkemegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bu geçirilen ylmy-amaly maslahat, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
"Awtomobil ulagynyň ulanylyşy" kafedrasynyň mugallymy Gülnabat Daňatarow