Ahlak arassalygy-ruhy tämizlik”

230 2026-nji ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda talyp gyz-gelinleriň arasynda pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
“Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlidir” diýen ajaýyp setirlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalar institutynda “Ahlak arassalygy-ruhy tämizlik” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu wagyz nesihat çäresine Ýokanç keseller merkeziniň müdüriýetiniň Milli AIBS-nyň öňüni alyş merkezleriniň bölüm müdüri Maýsa Ýalkapowa Karryýewna, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Orazjemal Geldiýewa , Büzmeýin etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýuristy Muhammedowa Ogulbaýram Gurbannazarowna gatnaşyp, talyplarymyzyň öňünde öwüt-ündewleri, peýdaly maslahatlary bilen çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli ruhda ýaşlary kemala getirmek, olary giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän şahsyýetler bolup ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk barada nygtap geçdiler.
Şeýle hem wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen asylly işleri, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgeleri barada çykyşlar boldy.

B.Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20