ILKINJI OKUW SAPAGY

4 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň iň öňde baryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.
Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlarda eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemek, ýokary depginli ösüşlere, ýeňişli üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi.
Geçirilen ilkinji okuw sapagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň merdana türkmen halky, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň has-da kuwwatlanyp ösmegi üçin durmuşa geçirýän giň gerimli beýik işleri, edýän gündelik aladalary, il-ýurt bähbitli uly işleriniň many-mazmuny we ähmiýeti täsirli beýan edildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda” Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze tehnologiýalary döretmekde, önümçiligi ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ylym-bilimde öňdebaryjy ösüşi gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýjüni ýaşlarymyzyň bilim derejesiniň ösüşinde görýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň bilim babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, ýaşlary bilime höweslendirmek we bilimli, ylymly nesli kemala getirmek babatynda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly” ady bilen geçirilen ilkinji okuw sapagy, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20