Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyny hatyralap

89 Watançylyk duýgusy türkmeniň janynda, ganynda bar. Muny türkmen gerçekleriniň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky gaýduwsyz söweşleriniň we türkmen aýal gyzlarynyň tylda çeken gahrymançylykly zähmetiniň mysallarynda has aýdyň görmek bolýar. Urşuň pajygaly günleriniň agyr ýüküni halkymyz merdanalyk bilen çekipdi.
Uruş ýyllarynyň hupbatly azaplaryna döz gelen kümüş saçly ene-mamalarymyzyň taryha siňen göreldesine jepakeşligiň belent nusgasy bar. Ähli ýerde tylyň berkligi zenanlaryň gaýratyna daýanypdyr. Türkmen zenanlarynyň öz şaý-seplerini köpçülikleýin, meýletinlik bilen fronta kömek üçin tabşyrmaklary goranmak fonduny döretmäge aýratyn ýardam beripdir. Pajygaly şol ýyllarda her bir türkmen raýaty watansöýüjiligiň belent ruhy bilen ýaşapdyr we hereket edipdir. Türkmen halky–öz başyndan köp-köp pajygalary geçiren halk. Beýik Ýeňşiň gazanylan gününden bäri bir är ömrüne barabar wagt geçipdir. Ýyllar näçe köp geçsede, uruş ýyllaryna şaýat bolanlaryň gürrüňlerini diňleýäň welin, gözüňe nem, köňlüňe gussa çökenini duýman galýarsyň.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bu möhüm günde ýüreklerinden çykýan minnetdarlygy bildirmek üçin uruş ýyllaryny başdan geçiren ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşaýan ýerlerine bardylar,1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni – 9-njy maý baýramçylygy bilen gutladylar.
Bu zenanlar Žardeýewa Welentina Ýakowlewna (1923 ýylda dogulan), hem-de Abaýdulina Faniýa (1931 ýylda dogulan). Bu mert zenanlaryň ýüzündäki ýylgyryş- biziň üçin iň uly sylag boldy. Olaryň aýdýan sözleri bolsa kalbymyzda çuňňur täsir galdyrdy. Biz olaryň başdan geçiren kynçylyklaryny doly duýup bilmesek-de, olaryň eden gahrymançylygyny hiç wagt unutmarys. Bu duşuşyk bize bir zady ýatlatdy: parahatçylyk- iň uly baýlyk.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda biz asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtly ýaşaýşyň hözürini görüp ýaşaýarys.
Uruş jepasyny çekenlere togap, Watan üçin jan berenleriň ruhuna tagzym bolsun.
Hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlara, urşa gatnaşan merdanalara we tylda edermenlik görkezenlere uly hormat-mertebe goýýandygyna buýsanjyň goşalanýar. Halkymyzyň kalbyndaky küýsegi tüýs ýürekden duýan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni binýat eden Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, goý, ýurt abadançylygymyz baky bolsun!
B.Kulyýewa.,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20