“Kitap okap oturan beýlede dursun, ony diňläp oturan hem bihal däldir”
382 Kitap, kitaphana hakynda Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Türkmen halky gadymy döwürlerde-de kitaba, ylma, sungata uly hormat sarpa goýan halklaryň biridir. Nusaýyň, Köneürgenjiň, Merwiň baý kitaphanalary bütin dünýäde belli bolupdyr.”Halkyna, Watanyna hyzmat eden gerçekleri, akyldarlary, meşhur şahsyýetleri, serkerdeleri, alymlary, şahyrlary sarpalamak türkmen halkynyň aňyna guýlan mukaddeslikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän bu däbi mynasyp dowam etdirilýär.
Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýän kitaphana bilim, ylym, paýhas paýlaýan merkezleriň biridir. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyryň edebi mirasy baý ruhy hazyna bolup hyzmat edýär. Arkadag şäherinde bina edilen kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy kitaba, kitaphana, ylma, bilime goýulýan sarpadan nyşandyr.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna göçme tejribe okuw sapagy geçirildi. Bu sapagyň dowamynda talyplar kitaphananyň bölümleri we onda ýerleşýän kitaplar bilen tanyşlyk geçdiler.
Biziň halkymyz kitaba, kitaphana medeni aň-düşünjäniň, dünýägaraýşyň kemala gelmeginiň, nesil terbiýesiniň aýrylmaz bir bölegi hökmünde baha berýär. Atalarymyz: “Kitap okap oturan beýlede dursun, ony diňläp oturan hem bihal däldir” diýip sargyt edipdirler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
B.Kulyýewa.,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy