"Talyp gözeli - 2026"
14 Ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdeplerinde her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli "Talyp gözeli" bäsleşiginiñ geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. 4-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyñ Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Merkezi geñeşi hem-de Zenanlar birleşiginiñ Merkezi geñeşi tarapyndan "Talyp gözeli - 2026" atly gözellik bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi.Bu jemleýji tapgyrda talyp gyzlaryñ arasynda ene-mamalarymyzdan gelýän iş başarjañlylygy, ugurtapyjylygy, ruhubelentligi, buýsançlylygy keşp hem-de edep gözelligi, halkymyzyñ milli däp-dessurlaryny wagyz etmek, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyp gyzlarynyñ arasynda geçirilen "Talyp gözeli - 2026" atly gözellik bäsleşiginde türkmen milli el işlerini nepislik bilen ýerine ýetirip, aýratyn tapawutlanandygy üçin Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ Ulaglar fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby Aýnabat Serdarowna Şükürbaýewa "ÇEPER ELLI GÖZEL" diýip diplomy bilen sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.