BILDIRIŞ

421861

Türkmenistanyň ykdysadyýetine innowasiýalary ornaşdyrmak, maglumat we sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, bäsleşik esasynda öňdebaryjy pikirleriň döremegine hem-de olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam bermek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek we intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň işlerini täjirleşdirmek arkaly olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda 2026-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigi geçirilýär.
Bu bäsleşik 2 (iki) ugur boýunça geçiriler. I ugur boýunça bäsleşik çäklendirilen patentleriň eýeleriniň arasynda, II ugur boýunça bäsleşik awtorlyk şahadatnamalarynyň hukuk eýeleriniň arasynda geçirilýär. Bäsleşige hödürlenilýän ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň resminamasynyň döwlet bellige alnan senesi 2020-nji ýylyň başyndan bäri bolmalydyr. Bäsleşige her ugur boýunça ýokary okuw mekdeplerinden 1 (bir) gatnaşyjy hödürlenilip biliner. Hödürlenilýän gatnaşyjy çäklendirilen patentiň ýa-da awtorlyk hukugynyň şahadatnamasynyň hakyky hukuk eýesi bolmalydyr. Awtordaşlara gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler nusga laýyklykda taýýarlanylan maglumaty we intellektual eýeçiligiň resminamasynyň (çäklendirilen patent we awtorlyk hukugynyň şahadatnamasy) elektron görnüşini tituki.ylym.bolum@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň mart aýynyň 20-ne çenli ugratmaly. Bäsleşik barada doly Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň resmi saýtynda (https://tituki.edu.tm) tanşyp bilersiňiz.

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE
ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE
TELEKEÇILER PARTIÝASY
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän “Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
I. UMUMY DÜZGÜNLER
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň ösüşinde ylmyň gazananlarynyň, innowasiýa tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tejribäniň wajyp ornuny ylmyň, bilimiň, tehnikanyň ileri tutulýan ugurlarynyň, ylym-bilim-önümçilik ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşdyrmak, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy maksatlaryň biridir.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň ykdysadyýetine innowasiýalary ornaşdyrmak, maglumat we sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, bäsleşik esasynda öňdebaryjy pikirleriň döremegine hem-de olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam bermek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek we intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň işlerini täjirleşdirmek arkaly olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda 2026-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşigiň Düzgünnamasy “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, “Ýokary hünär bilimi edarasynda ylmy çäreleri geçirmegiň Tertibine”, “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini alyp barmak hakynda Düzgünnama” hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga laýyklykda taýýarlanyldy.
Şu Düzgünnama bäsleşigiň esasy maksadyny, şertlerini, geçirmegiň tertibini, bäsleşige hödürlenýän intellektual eýeçilik obýektlerini (çäklendirilen patentler we awtorlyk hukugynyň şahadatnamalary) bahalandyrmagyň we bäsleşiň netijelerini jemlemegiň düzgünlerini kesgitleýär.
2. BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ MAKSADY
2.1. Bäsleşigiň geçirmegiň maksady aşakdakylardan ybarat:
- ýaşlary ylmy döredijilige, innowasiýa telekeçiligine höweslendirmek, ylmyň gazananlaryny hem-de tehniki, ykdysady we beýleki täzelikleri önümçilige ornaşdyrmak endiklerini kemala getirmek;
- täze işläp taýýarlamalaryň, taslamalaryň, önüm nusgalarynyň maglumat binýadyny artdyrmak hem-de ylmyň gazananlaryny täjirleşdirmegi işjeňleşdirmek;
- ykdysady we durmuş taýdan höweslendirmek bilen, ýaşlary ylmy işlere çekmek, ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak;
- innowasiýalary öndürijiler bilen ulanyjylaryň hyzmatdaşlygyny, kiçi we orta telekeçileriň bilim, ylym bilen baglanyşygyny işjeňleşdirmek;
- ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmakda has amatly şertleri döretmek.
3. BÄSLEŞIGINIŇ ŞERTLERI
3.1 Bäsleşik 2 (iki) ugur boýunça geçirilýär.
Birinji ugur boýunça bäsleşik çäklendirilen patentleriň eýeleriniň arasynda geçirilýär.
Ikinji ugur boýunça bäsleşik awtorlyk şahadatnamalarynyň hukuk eýeleriniň arasynda geçirilýär.
3.2. Bäsleşige hödürlenilýän ylmy intellektual eýeçilik hukugynyň resminamasynyň döwlet bellige alnan senesi 2020-nji ýylyň başyndan bäri bolmalydyr.
3.3. Bäsleşige her ugur boýunça ýokary okuw mekdeplerinden 1 (bir) gatnaşyjy hödürlenilip biliner. Hödürlenilýän gatnaşyjy çäklendirilen patentiň ýa-da awtorlyk hukugynyň şahadatnamasynyň hakyky hukuk eýesi bolmalydyr. Awtordaşlara gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
3.4 Bäsleşige gatnaşyjy eýeçiligindäki ylmy intellektual işiň obýekti barada çykyş (prezentasiýa) taýýarlap, eminler toparynyň öňünde çykyş etmeli.
3.5 Bäsleşige gatnaşyjylaryň her birine çykyş etmek üçin 5-7-minut, sowal-jogap üçin 5-minut, jemi 10-12 minut wagt berilýär.
3.6 Bäsleşige gatnaşyjy awtorlara ylmy intellektual eýeçiligiň obýektine degişli bolan zatlary (enjamlar, gurallar, taslamalar we ş.m.) ýany bilen getirmäge rugsat berilýär.
3.7 Bäsleşikde çykyş etmek nobatlylygy bije çekmek arkaly kesgitlenilýär.
4. BÄSLEŞIGE HÖDÜRLENILÝÄN IŞLERI BAHALANDYRMAGYŇ GÖRKEZIJILERI
4.1 Bäsleşige gatnaşyjy awtoryň ylmy intellektual eýeçiliginiň obýektine eminler toparynyň agzalary tarapyndan aşakdaky görkezijilere aýratyn ähmiýet beriler:

T/b Görkezijiler Ball
1. Intellektual eýeçilik obýektiniň täzeçilligi 15 çenli
2. Intellektual eýeçilik obýektiniň wajyplygy 15 çenli
3. Intellektual eýeçilik obýektini önümçilige ornaşdyrmagyň tehniki-ykdysady amatlylygy 20 çenli
4. Intellektual eýeçilik obýektiniň ulanylyşynyň durmuş-ykdysady netijeliligi 15 çenli
5. Intellektual eýeçilik obýektiniň bäsdeşlige ukyplylygy 15 çenli
6. Intellektual eýeçilik obýektiniň awtorynyň çykyşynyň mazmuny 20 çenli
JEMI: 100 çenli
5. BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ TERTIBI
5.1 Bäsleşigi guramak, geçirmek we onuň netijelerini bahalandyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça işleri alyp barýar.
5.2 Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryndan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlardan we beýleki pudaklardan çagyrylan wekillerinden düzülýär.
5.3 Bäsleşik 2026-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilýär. Başlanýan wagty gatnaşyjylara goşmaça habar beriler.
5.4 Bäsleşige gatnaşyjylaryň intellektual eýeçilik resminamasy (çäklendirilen patenti we awtorlyk hukugynyň şahadatnamasy) we ýerine ýetirilen çykyşlary eminler topary tarapyndan seljerilýär we netije çykarmakda ulanylýar.
5.5 Bäsleşige gatnaşyjy barada nusga laýyklykda taýýarlanylan maglumat we intellektual eýeçiligiň resminamasynyň (çäklendirilen patent we awtorlyk hukugynyň şahadatnamasy) elektron görnüşini tituki.ylym.bolum@gmail.com elektron salgysyna 2026-njy ýylyň mart aýynyň 20-ne çenli ugratmaly.
5.6 Bäsleşikde I, II we III baýrakly orunlar kesgitlenýär we netijeler boýunça I, II we III derejeli Diplomlar gowşurylýar.
5.7 Bäsleşiginiň netijeleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň resmi saýtynda (https://tituki.edu.tm) ýerleşdirilýär.
Nusga
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän “Biznes-intellekt” atly intellektual eýeçiligiň awtorlarynyň bäsleşigine gatnaşyjy barada
MAGLUMATY
№ Gatnaşyjynyň F.A.A. Wezipesi Intellektual eýeçilik resminamanyň ady, görnüşi, belgisi we döwlet tarapyndan hasaba alnan senesi Gatnaşyjynyň
telefon belgisi, elektron salgysy Fotosurat 3X4
(elektron görnüşi)
1.
2.
Telefon: +99365668694; +99365031565, +99312392605.
e-mail: tituki.ylym.bolum@gmail.com
tit.we.uki@gmail.çom
Guramaçylyk topary.



Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20