12-nji iýun Ylymlar güni.
41 Ýurdymyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolun “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ylymy, tehnika we innowasion tehnologiýalar ” atly halkara ylmy maslahat oz işini dowam edýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim we ylym ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan binýady pugtalandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşaryýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürlimegine uly ähmiýet berilýär. Daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri, halkara ylmy jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňlesdirmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli 2024-2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.
“Berkarar döwrüniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ylmy, tehnika we innowasion tehnolodiýalar” atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylym-bilim merkezleriniň alymlarynyň professor mugallymlarynyň inžener tehnolloklarynyň gatnaşmaklary yurdymyzyň alyp barýan ylmy tehnika syýasatymyza halkara jemgiýetçiliginiň gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkiçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyz Dyýarymyzda geçirilýän Ylymlar güni mynasybetli olnaýn usulynda geçirilýan çäge ýokary okuw mekdebimiziň professor mugallymlar we talyplar agzybirlikde gatnaşdylar.
Jmgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy: O.Tölewowa.