Ýaş alymlar bäsleşigi- 2026
29 Ýaş alymlar bäsleşigi- 2026 Bilşimiz ýaly her bir ýurduň ösüşini şertlendirýän pudaklaryň biri hem ylym-bilim pudagydyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hasda kuwwatlanmagyna, orta we ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, ylym işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, olaryň arasynda ýiti zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşik 2026 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem badalga aldy. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyň mugallymlary we talyplary hem baýrakly orunlara mynasyp boldular: I orun- Meýlis Artykgurbanow, Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi; I orun- Laçyn Durdyýewa, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby; II orun- Aýnabat Şukurbaýewa, Ualaglar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby; III orun- Bahargül Arslanowa, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy. Ýaşlarymyza okamaga, döretmäge, ylym bilen giňden meşgullanmaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!B.Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy