21
Men Dörtgulyýew Akmyrat. Ynha, şu gün meniň durmuşymda täze bir aýdyň sahypa açyldy we kalbym şatlyk duýgularyndan püre-pür boldy. Çünki maňa ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Talyp diýen bu mukaddes ady götermek — meniň köp ýyllyk arzuwlarymyň, göreldeli mekdep ýyllarymyň we çeken zähmetimiň iň süýji miwesidir. Mekdep döwrümde diňe bir okuwda däl, eýsem jemgyýetçilik işlerinde hem tapawutlanyp, ders bäsleşiklerinde we birnäçe olimpiýadalarda gazanan baýrakly orunlarym meniň geljege bolan ynamymy has-da berkitdi. Şol ýeňişler hem-de mekdebi üstünlikli, göreldeli uçurym bolup tamamlamagym maňa diňe bir ylym däl, hemişe öňe gitmegi we belent sepgitleri eýelemegi öwretdi. Watanymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde okap, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlara bildirilýän bu uly ynamyň arkasynda bolsa biziň Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň edýän atalyk aladalary dur. Şu dabaraly we ýatdan çykmajak pursatda, biz ýaşlara okamaga, döretmäge, ylmyň we bilimiň çäksiz ummyna aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymy we çäksiz sagbolsunymy aýdýaryn.