Hoş gal hünär beren ylym ojagym

70 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny, özgertmelerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde ähli ugurlar boýunça döwrüň ösen talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamak babatda birnäçe anyk wezipeleri goýýar hem-de olary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, ylymly, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, edep-terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlaryň döredijjilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, tebigy zehinini açmak, olary ylmy-barlaglary geçirmäge höweslendirmek hem-de hünärlere gönükdirmek babatda alnyp barylmaly işlerde bilim işgärlerine örän möhüm wezipeler degişli bolup durýar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ualg kommunikasiýalar institutynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň uçurymlarynyň soňky jaň dabarasy mynasybetli “Hoş gal hünär beren ylym ojagym” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarada professor-mugallymlar, uçurymlar hem-de olaryň ene-atalary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Çykyş edenler okuwyny tamamlaýan ýaşlary 2026 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň” uçurymlary bolmaklary bilen tüýs ýürekden gutladylar. Uçurymlar Döwlet synaglarynda hem-de gutardyş diplom taslamalaryny we işlerini goranlarynda ýokary taýýarlyklaryny, giň dünýägaraýyşlydyklaryny hem-de döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşýändiklerini görkezdiler. Bu dabara institutyň “Aýdyň ýollar” çeper höwesjeňleriň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
Okuwyny tamamlaýan ýaşlar özlerine bildiriläýn uly ynama jogap edip, ata Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar. Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
B.Kulyýewa.,Instituyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20