VI AÇYK HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA (OMOUS-2026) INSTITUTYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

38 Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Biz alymlaryň pikirini nazara alyp, olaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini we berýän tekliplerini döwlet syýasatynda hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde hem giňden peýdalanmalydyrys” diýip bellemegide, biziň maksadymyzyň hem döwrüň talabyna laýyk gelýän, öz hünäri boýunça täzeçe pikirlenip we netijeli işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde netijeli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen mart aýynyň 23-28-i aralygynda Halkara Ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026)” atly halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada daşary döwletleriň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 650-den gowrak talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda A we B derejeler boýunça ýekeleýin hem-de toparlaýyn görnüşde geçirildi. Talyplar ýekeleýin tapgyrda 6 sany we toparlaýyn tapgyrda 10 sany meseleleri çözmekde güýjüni synanyşdylar. Bu olimpiadada biziň institutymyz hem baýrakly orunlara mynasyp bolup medallara eýe boldy. Olimpiadanyň ýekeleýin görnüşiniň B derejesinde Demir ýol fakultetiniň talyby Baýlyýew Ýalkapberdi kümüş, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Gyzylowa Jemal bürünç, Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Serdarowa Mährijemal bürünç hem-de A derejede Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Baýramow Şöhrat kümüş medallara mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmeginde talyp ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi üçin hem giň mümkiçilikler döredilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.
BAZARGELDI SAPARGELDIÝEW,
ANNABERDI BERDIÝEW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary
matematika”kafedrasynyň mugallymlary

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20