BEDEW ÝYLY GELDI ÇARPAÝA GALYP

37 Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden ugur alnyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrmak maksady bilen, üstümizdäki ýyla “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ýyly diýip at berildi.
Ýakynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli “ÝURDA ŞAN GETIRER BEDEW ÝYLYMYZ” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda täze ýyl üçin kabul edilen şygar geljekki uly üstünliklere, rowaçlyklara nur saçýan şamçyrag boljakdygy aýratyn nygtaldy.
Bäş müň ýyllyk taryhy bolan ahalteke tohum atlary döwletimiziň we halkymyzyň milli baýlygy, mirasy hem-de göz guwanjydyr. Behişdi bedewlerimiz geljege sary okgunly öňe barýan berkarar döwletimiziň ähli ugurlar babatdaky özgerişlerini älem-jahana ýaýýar. Şular barasynda hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň möhüm orny, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň ulag strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde dabaralanmasy we başga-da birnäçe mowzuklar boýunça söhbetdeşlikde çykyşlar edildi.
Geçirilen söhbetdeşlik Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20