ÝYLYŇ TÄZE ŞYGARY – ROWAÇLYKLARA NUR SAÇÝAN ŞAMÇYRAG
36 2026-njy ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan türkmen halky bu ýyla Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen işleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin uly jogapkärçilik duýgusy bilen gadam basdy. Bu bolsa, geçen ýyllarda bolşy ýaly, at ýylynda-da Watanymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň buşlukçysydyr.Ynha, şu günler ýokary okuw mekdebimizde täze 2026-njy ýylyň “GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli yzygiderli mugallymlaryň hem-de talyplaryň teleýaýlymlarda çykyşlary dowam edýär.
Ýakynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aşgabat şäher merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda, “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanylýan “ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN” atly gepleşigiň teleýazgysy geçirildi.
Kitaphana işgärleriniň hem-de ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda täze ýyl üçin kabul edilen şygaryň we nyşanyň öňde boljak möhüm wezipeleri beýan edýändigi aýratyn nygtaldy.
Halkymyz ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýar. Olar asyrlarboýy halkymyzyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Pederlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly ýoluny döredipdirler. Şular barasynda hem-de halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň möhüm orny, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatynyň ulag strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde dabaralanmasy we başga-da birnäçe mowzuklar boýunça söhbetdeşlikde çykyşlar edildi.
Geçirilen söhbetdeşlik Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.