“ÇYZUWLY GEOMETRIÝA WE INŽENER GRAFIKASY” DERSI BOÝUNÇA IV HALKARA AÇYK INTERNET OLIMPIADASY

47 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň iň öňde baryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek bilim işgärleriniň baş maksady bolup durýar.
Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bilim işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri doly derejede we bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasy geçirildi.
Internet Olimpiadasyna dünýäniň 20-ä golaý döwletleriniň abraýly uniwersitetleriniň talyplary gatnaşdylar. Olar Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Türkiýe, Tatarystan, Belarus Respublikalary, Owganystan, Awstriýa, Azerbaýjan, Bahreýn, Daniýa, Finlýandiýa, Beýik Britaniýa, Hindistan, Italiýa, Iordaniýa, Kuweýt, Liwiýa, Singapur, Şweýsariýa, Özbegistan, Moldowa ýaly döwletlerdir.
Häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek Internet olimpiadanyň esasy wezipeleri boldy.
“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça geçirilen IV Halkara Açyk Internet olimpiadasynyň esasy maksady talyplarda özbaşdak pikirlenmegi we işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykarmagy öwretmekden ybarat bolup, ol şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirildi. Guramaçylykly geçirilen olimpiada talyplarda çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapmakda, ýeňişe bolan erki terbiýelemekde hem-de öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmekde uly mümkinçilikleri döretdi.
Internet olimpiadanyň iş dilleri türkmen, iňlis we rus dilleri bolup, oňa gatnaşyjy talyplaryň sany çäklendirilmedi. Internet olimpiada gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirdiler.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bäsleşige gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.
Çäräniň çäginde mugallymlaryň hem-de talyplaryň “Altyn Asyr”, “Ýaşlyk” we “Türkmenistan” teleýaýlymlaryna interwýulary gurnaldy.
Guramaçylykly geçirilen “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasy, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20