“Milli miras-nesillere görelde”

22 Mähir-muhabbet siňdirilen mukaddeslikler maşgala atly kiçijik ojakdan Watan atly ullakan mesgene uzaýar. Şol aralykdaky düşünjeler bolsa ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurlarynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar. Ata-babalarymyzdan müdimilik serpaý bolan ýörelgeleriniň içinde ene-mamalarymyzyň hem aýratyn paýy bar. Olaryň on barmagyndan çykan haly, keçe, palas dokamak, keşdeçilik sungatymyz bu günki gün biziň milli buýsanjymyz, gymmatlygymyz. Şol gymmatlyklary, edim-gylymlary ýaşlara ýaýmak, zenanlaryň ellerinden çykan hünäri ýaşlaryň dowam etdirmekligi zerurdyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilen “Milli miras-nesillere görelde” atly üme ýazgysy hem milli medeni gymmatlyklarymyza goýulýan çäksiz sylag hormatyň alamaty. Türkmen zenanlarymyzyň zehininden hem-de akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidir. Çäräniň dowamynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap,milliligimizi, medeniýetimizi, maddy däl gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga olary dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdyldy, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi.
Baýramgul Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20