Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyny hatyralap
158 Watançylyk duýgusy türkmeniň janynda, ganynda bar. Muny türkmen gerçekleriniň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky gaýduwsyz söweşleriniň we türkmen aýal gyzlarynyň tylda çeken gahrymançylykly zähmetiniň mysallarynda has aýdyň görmek bolýar. Urşuň pajygaly günleriniň agyr ýüküni halkymyz merdanalyk bilen çekipdi.Uruş ýyllarynyň hupbatly azaplaryna döz gelen kümüş saçly ene-mamalarymyzyň taryha siňen göreldesine jepakeşligiň belent nusgasy bar. Ähli ýerde tylyň berkligi zenanlaryň gaýratyna daýanypdyr. Türkmen zenanlarynyň öz şaý-seplerini köpçülikleýin, meýletinlik bilen fronta kömek üçin tabşyrmaklary goranmak fonduny döretmäge aýratyn ýardam beripdir. Pajygaly şol ýyllarda her bir türkmen raýaty watansöýüjiligiň belent ruhy bilen ýaşapdyr we hereket edipdir. Türkmen halky–öz başyndan köp-köp pajygalary geçiren halk. Beýik Ýeňşiň gazanylan gününden bäri bir är ömrüne barabar wagt geçipdir. Ýyllar näçe köp geçsede, uruş ýyllaryna şaýat bolanlaryň gürrüňlerini diňleýäň welin, gözüňe nem, köňlüňe gussa çökenini duýman galýarsyň.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlary hem-de talyplary bu möhüm günde ýüreklerinden çykýan minnetdarlygy bildirmek üçin uruş ýyllaryny başdan geçiren ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşaýan ýerlerine bardylar,1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni – 9-njy maý baýramçylygy bilen gutladylar.
Bu zenanlar Žardeýewa Welentina Ýakowlewna (1923 ýylda dogulan), hem-de Abaýdulina Faniýa (1931 ýylda dogulan). Bu mert zenanlaryň ýüzündäki ýylgyryş- biziň üçin iň uly sylag boldy. Olaryň aýdýan sözleri bolsa kalbymyzda çuňňur täsir galdyrdy. Biz olaryň başdan geçiren kynçylyklaryny doly duýup bilmesek-de, olaryň eden gahrymançylygyny hiç wagt unutmarys. Bu duşuşyk bize bir zady ýatlatdy: parahatçylyk- iň uly baýlyk.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda biz asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtly ýaşaýşyň hözürini görüp ýaşaýarys.
Uruş jepasyny çekenlere togap, Watan üçin jan berenleriň ruhuna tagzym bolsun.
Hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlara, urşa gatnaşan merdanalara we tylda edermenlik görkezenlere uly hormat-mertebe goýýandygyna buýsanjyň goşalanýar. Halkymyzyň kalbyndaky küýsegi tüýs ýürekden duýan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüni binýat eden Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, goý, ýurt abadançylygymyz baky bolsun!
B.Kulyýewa.,Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy