17
Men Nurlyýew Şanazar.Ynha, şu gün meniň durmuşymda täze bir sahypa açyldy. Çünki, maňa ýurdumyzyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolmak ýaly beýik bagt, çäksiz mertebe miýesser etdi. Talyp diýen bu mukaddes ady götermek meniň köp ýyllyk arzuwlarymyň we çekjek zähmetimiň miwesidir. Mekdep ýyllarynda alan bilimlerim, gatnaşan ders bäsleşiklerim we birnäçe olimpiýadalarda gazanan baýrakly orunlarym meniň geljege bolan ynamymy has-da berkitdi. Watanymyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde okap, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlara bildirilýän bu uly ynamyň arkasynda bolsa biziň Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz dur. Şu dabaraly we ýatdan çykmajak pursatda, biz ýaşlara okamaga, döretmäge, ylmyň we bilimiň çäksiz ummanyna aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymy we çäksiz sagbolsunymy aýdýaryn! Men hem öz gezegimde, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bildiren ynamyny ödemek, saýlap alan hünärimiň kämil we innowasion eýesi bolup ýetişmek üçin zehinimi gaýgyrmajakdygma, eziz Watanymyz Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň has-da ösmegine we dünýä dabaralanmagyna öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn!