ÝURDUMYZYŇ YLYM ULGAMYNYŇ ÖSÜŞLERINIŇ AÝDYŇ BEÝANY
900 Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň innowasion syýasaty ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine getirdi. Ýokary okuw mekdepleriň, ylmy-barlag edaralaryň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, ýaşlara bilim bermegiň öňdebaryjy, interaktiw usullarynyň ulanylmagy, öz gezeginde, milli ylym-bilim ulgamynyň düýpgöter täze häsiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen ylmy täze sepgitlere ýetdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary ylmy esaslarda işlenip taýýarlanylýar we netijeli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we edara-kärhanalarynda häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli amaly häsiýetli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, ýaş alymlary höweslendirmek we bilimli, ylymly nesli kemala getirmek babatynda alyp barylýan giň göwrümli işleri barasynda çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň umumy mejlisinde halypa mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ylym ulgamynyň maddy binýadynyň berkemegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Soňra maslahat öz işini “Türkmen jemgyýetiniň ösüşinde ylmyň orny”, “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň ylmy esaslary” hem-de “Innowasion ösüş we inženerçilik ylymlary” atly bölümçelerde dowam etdi. Her bölümçäniň ady bilen baglanşykly many-mazmunly çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany maslahata gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda edýän aladalaryna hem-de raýatlarymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu geçirilen ylmy-amaly maslahat, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.