YLYM – BAGTLY GELJEGE ÝOL

965 Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mejlisler jaýynda “BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR” atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara maslahata daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleriniň professorlary, halkara ylmy merkezleriň alymlary, şeýle hem, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, ylmy hünärmenler, talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda bolsa halkara maslahat öz işini birnäçe bölümlerde dowam etdi. Halkara maslahatyň III bölümi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilip, onda täsirli ylmy mowzuklarda çykyşlar diňlenildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20