Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi. Il arzuwyny hasyl eden bu çözgüt Arkadagly Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleriniň özboluşly dabaralanmasy boldy. Ýurdumyzyň ýaş nesil baradaky döwlet syýasaty özüniň çuňňur mazmuny, belent maksatlary bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini, jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlaryň tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, goldamak, olaryň ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýan şeýle döwletli tutumlaryň degişli kanunlara, maksatnamalardyr konsepsiýalara daýanmagy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi ýaşlarymyzyň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi.
Ýurdumyzyň geljegini gurujylar hökmünde ýaşlara bildirilýän ýokary ynamyň oňyn netijeleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülýär. Munuň özi döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy gündelik durmuşynyň mizemez ýörelgesine öwrüp, «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary baýdak edinýän ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni işlere işjeň gatnaşmaklarynda, Diýarymyzy dünýäniň okgunly ösýän kuwwatly döwletine öwürmek, halkyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegindäki saldamly goşantlarynda mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle döwletli tutumlar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bu durmuş hakykatyny doly tassyklaýar. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek bu resminamalaryň baş maksady bolup, olarda şeýle döwletli maksada ýetmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Munuň özi ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň ylym-bilime, döredijilikli zähmete bolan höweslerini artdyrmaga netijeli itergi berýär. Bu bolsa döwletimiziň gülläp ösüşiniň bilimli, ylymly, hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş nesiller bilen berk baglydygyny ýene bir ýola tassyklaýar.
Berkarar Watanymyzy rowaçlyklaryň ak ýolundan uly ynam, synmaz ruhubelentlik bilen nurana geljege alyp gitjek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly perzentlik borjumyzy hem goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň dana pähim-paýhasyndan, syýasy tejribesinden hem-de atalyk göreldesinden, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilige, kämillige gol beren syýasy işjeňliginden, ýüregi gurmak, döretmek, özgertmek hyjuwyndan möwç urýan ýaş nesliň egsilmez joşgunyndan gözbaş alýan şu ýylymyz täzeden-täze başlangyçlaryň binýady bolar. Okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, yhlasly zähmet çekmek arkaly ata Watanymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlary bimöçber aladalary bilen gurşap alan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň menzilleri dowamat-dowam bolsun! Sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Howmeýew Meýlis,
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Halypa mugallym Akynyýazowa Şirin