“ÇYZUWLY GEOMETRIÝA WE INŽENERÇILIK GRAFIKASY” KAFEDRASYNYŇ HEPDELIGINIŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN FAKULTETARA BÄSLEŞIK
21 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Inžener grafikasy” dersi boýunça fakultetara bäsleşik geçirildi.Bäsleşikde talyplara şaýyň aksonometriki proýeksiýasy berildi we şerte laýyklykda gatnaşyjylar şaýyň üç tekizlikdäki proýeksiýasyny we aksonometriýasyny gurdular. Elbetde, çyzgyny TDS-yň talaplaryna laýyklykda dogry ýerine ýetirmek, şaýyň ölçeglerini talabalaýyk goýmak hem-de berlen kesgitli wagtyň dowamynda çyzgyny tamamlamak ýaly wezipeler ýörite berkidilen mugallymlar tarapyndan gözegçilik edildi.
Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pajarlap ösdürmek üçin ýurdumyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän öndürijilikli, ýokary kuwwatly tehnikalar we kämil tehnologiýalar yzygiderli getirilýär, olary dolandyrjak we erk etjek hünärmenleri taýýarlamak bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. Getirilýän tehnikalar we tehnologiýalar bilen birlikde olaryň ýan kitaby iberilýär. Olaryň mazmuny dürli dilde ýazylyp, kitabyň içindäki çyzgylar, ýagny enjamlaryň işleýşi we sazlanyşy, şaýlaryň ölçegleri we ýasalyşy dünýä halklaryna düşnükli çyzgy dili bilen beýan edilýär. Bu ýeke-täk internasional dili bilmek her bir tehniki taýdan sowatly adamyň borjy hasaplanýar. Çünki çyzgy – tehnikanyň dilidir.
Geçirilen bäsleşik talyplaryň “Inžener grafikasy” dersinden alan nazary bilimlerini berkitmäge we olaryň giňişlikde pikir edip bilijilik ukybyny ösdürmäge hem-de çyzgynyň düzgünleriniň dogry berjaý edilişini öwrenmäge ýardam eder. Bäsleşigiň netijeleri hepdeligiň çäginde yglan ediler.
Bu geçirilen bäsleşik, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim syýasatynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasy.