GAZANAN ÜSTÜNLIKLERIŇIZ GUTLY BOLSUN!

186 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Täze 2026-njy ýylyň gelmegi mynasybetli aýdym-sazly dabaralar joş alýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2025-nji ýylyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri boýunça okuwda, ylymda, sportda uly üstünliklere mynasyp bolan, jemgyýetçilik köpçülik işlerinde göreldeli zähmet çeken hem-de halkara we döwlet derejesindäki bäsleşiklerde ýeňişli orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara, şeýle hem halypa mugallymlara hormat hatlaryny hem-de sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
Institutda döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine köpçülikleýin çekmekde, olarda bilime gyzyklanma döretmekde, şeýle hem alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar. 2025-2026-njy okuw ýylynyň I ýarymýyllygynyň dowamynda institutyň talyplary Halkara derejelerinde geçirilen ders bäsleşiklerinde birnäçe baýrakly orunlara hem-de derejeli diplomlara mynasyp bolup, altyn, kümüş we bürünç medallary gazandylar. Talyplaryň halkara derejeli sport bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri bolsa, ýokary okuw mekdebimizde ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesini görkezdi.
Elbetde, şeýle üstünlikler ýaşlaryň geljekde ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmekde, bäsleşige ukyply ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmekde we önümçilige ornaşdyrmakda özüniň uly ähmiýetini ýetirer. Dabarada çykyş eden professor-mugallymlar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaly asylly işleriň ýaş nesilleriň belent borjy bolmalydygy barasynda aýdyldy. Şeýle hem, Täze 2026-njy ýylyň “GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY” atly ýylyň ösüşlerden-ösüşler beslenip, ata Watanymyza şan-şöhrat getirjek ýyllaryň bir boljakdygy barada aýdyldy.
Bu geçirilen dabara, ýurdumyzda durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20