Kärhanalaryň ykdysady görkezijilerine ulag logistikasynyň kämilleşmeginiň ähmiýeti

27071 Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ähli ugurlar boýunça depginli ösüşlere eýe bolýar. Biziň senagatlaşdyrylan ykdysadyýetimizde ulag logistikasy esasy ulgam emele getiriji pudaklaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda kuwwatly ulag-logistiki ulgam esaslandyrylýar.
Milli ykdysadyýetimizde hereket edýän önümçilik kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny mundan beýläk hem gowulandyrmak üçin, ulag-logistiki ulgamyň ösüş depginleriniň has hem ýokarlandyrylmagynyň zerurlygy ýüze çykýar. Ýurdumyzyň içerki ulag pudagynyň kämilleşdirilmegi, halkara ulag-logistika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygynyň işjeňleşdirilmegi we bu ugurdaky bulardan başga-da alnyp barylýan işler, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem ösmegine uly ýardam edýär. Bu çäreler içerki önümiň özüne düşýän bahasyny arzanlatmak, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak ýaly maksatlar üçin amala aşyrylýar.
Awtomobil ulaglarynyň görnüşleri we ýüküň toparlanylyşy boýunça differensirlemek arkaly, ýükleri daşamagyň hyzmatlary üçin nyrhlar bellenilen ölçeg birliginde kesgitlenilýär. Ulag-logistiki resminamasy düzülende, awtoulag serişdesiniň degişli görnüşiniň netijeli ulanylmagy göz öňünde tutulyp, ýükleri daşamagyň hyzmatlarynyň nyrhlary boýunça harajatlar kesgitlenilýär.
Ýurdumyzda multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, howa ýollary, ammarlardyr portlar ýaly infrastrukturalary goldamak we ösdürmek üçin, bäsdeşlige ukyply milli logistikanyň emele gelmegine aýratyn üns berilýär. Logistikanyň ösdürilmegi we diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, ykdysadyýetimizву içerki önümiň paýy gitdigiçe artýar. Ulag-logistika pudagynyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi, ykdysadyýetimizde söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna getirýär hem-de hereket edýän önüm öndüriji kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar.
Netije. Kärhanalaryň ykdysady görkezijilerine ulag logistikasynyň hyzmatlaryna edilýän çykdajylar uly täsir edýär. Şol sebäpli öndürilýän önümleriň özüne düşýän bahasyny arzan derejede üpjün etmek üçin, bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyklykda, önümçilik prosesiniň ähli derejelerindäki çykdajylaryň çäklendirilmegi, şol sanda ulag-logistiki işleriniň optimallaşdyrylmagy zerurdyr. Bu maksatlar üçin ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Goýberilýän önümleri importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilýän harytlary öndürýän döwlete degişli we hususy kärhanalary köpeltmek bilen bagly alnyp barylýan syýasata baglylykda, bu kärhanalara hyzmat edýän logistika edara-kärhanalarynyň sany hem barha artýar. Olar sagdyn bäsdeşlik arkaly önüm öndürijiler bilen ulanyjylaryň arasynda möhüm zynjyr bolup hyzmat edýärler.

Döwranguly Mämmedow 21.07.2025
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20