ÝURDUMYZYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM, SPORT ULGAMYNYŇ BUÝSANDYRYJY ÖSÜŞLERI HALKARA SERGIDE
3829 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar uly ösüşlere eýe bolup, ýetilen sepgitler halkara derejesinde geçirilýän sergilerde çykyş edýärler.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergiler zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ” halkara maslahatyň we serginiň dabaraly açylyşy boldy.
Bu günki-gün ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňden ösdürmäge, okuw işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Muny biz türkmen talyplarynyň bilim alýan daşary ýurt okuw mekdepleriniň sanynyň ýyl geldigiçe artýandygynda aýdyň görýäris. Bilim ulgamynda öňde goýlan wajyp meseleleri amal etmek maksady bilen yzygiderli mugallymlaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Olar sapaklarynda we tejribe işlerinde bilim bermegiň täze usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny ulanýarlar. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk guralyp, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, bilelikdäki bilim maksatnamalary amala aşyrylýar. Döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen mäkäm gatnaşyklary ýola goýup, ol döwletlerde halkara barlag işlerine, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky tejribe alyşmalara hem-de akademiki maglumat beriş ulgamlaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, BMG, Ýewropa Bileleşigi, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giň ýola goýmak bilen, dürli halkara maksatnamalaryň çäklerinde netijeli taslamalaryň amala aşyrylmagyny gazanýar.
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we onuň çäklerindäki halkara maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar. Sergide ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigini tassyklaýan diwarlyklar sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.
Halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň wagyzçy mugallymlary hem-de talyplary teleradio ýaýlymlary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň işleşip dürli mowzuklarda çykyşlar etdiler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.