2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilen halkara forum
567 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çärelerde dilmaçlyk işlerini amala aşyrmakda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň terjimeçi we meýletinçi talyplary işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen meýletinçileri diňe bir çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine däl, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde-de saldamly goşant goşdular. Munuň özi ýaşlaryň halkara diplomatiýasynyň we parahatçylyk döredijilik işleriniň möhüm bölegi hökmünde kemala gelmegine itergi bermek bilen, ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyny açyp görkezdi.Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.
Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Inžener-tahniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň meýletinçi talyplarynyň adyndan, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyklarymyzy bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähimiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
“Diller” kafedrasynyň mugallymy, meýletinçi Jeren Badyrowa