«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny»
434 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilýän «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2025-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli aşakdaky elektron salga ibermeli:
tituki.ylym.bolum@gmail.com
Maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis.
Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler:
I bölüm. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy.
II bölüm. Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary.
III bölüm. Türkmenistanyň ulag pudaklarynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1). Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
telefonlar: +99312392605; +99365668694, +99371409824, +99365031565
elektron salgylar: tituki.ylym.bolum@gmail.com, tit.we.uki@gmail.com
web sayt: https://tituki.edu.tm