“Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

419 Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “HER BIR ÝURDUŇ BAGTYÝARLYGY, ABADANÇYLYGY ÖSÜP GELÝÄN ÝAŞ NESIL HAKDAKY ALADALARDAN GÖZBAŞ ALÝAR” diýen ajaýyp jümlelerinden ugur alyp eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek maksady bilen “GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde milli ruhda ýaşlary kemala getirmek, olary giň dünýägaraýyşly, kämil, ruhubelent, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän şahsyýetler bolup ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk barada nygtap geçdiler.
Şeýle hem wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen asylly işleri, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgeleri barada çykyşlar boldy.
Bu çäräniň dowamynda talyp gyzlaryň el işlerini ýerine ýetirip, läle kakýan pursatlary, el iş önümleriniň sergisi hem-de talyp gyzlaryň hünärleri bilen bagly şekillendiriş sungatynyň eserlerini döredýän pursatlaryny synlamak myhmanlar üçin aýratyn täsirli boldy.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolan kämil ýaş nesli kemala getirmekde, ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
B.Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

13/06/2025

ÇAKYLYK HATY

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiý

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20