TARYHYŇ ÝAGTY SAHYPALARY.

1245 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oktýabr aýynyň 3-ne Türkmenbaşy şaherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1936-njy ýylda Krasnowodsk häzirki Türkmenbaşy-Moskwa taýmylly ýüzüşiň tamamlanyna 89 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, halypa mugallymlar we Türkmenbaşy şäheriniň jemgyýetçilik guramalary gatnaşdylar we bu çärä taýmylly ýüzüşe gatnaşan türkmen taýmylçylarynyň nebereleri hormatly myhman hökmünde çagyryldy.
Dabaraly çäräniň moderatory Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy Gyzylgül Gurbanowa söz berildi we ol öz çykyşynda taryhyň ýagty sahypalarynda galan, owazy äleme dolan, gaýduwsyz türkmen taýmylçylaryň geçen şöhratly ýoly hakynda başdan aýak beýan edip, gürrüň berdi.
Bu taryhy waka öňki bütin Sowet soýuzyna belli bolup, soňlugy bilen kem-kemden ýatdan çykyp galdy. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alanyndan soň, diňe Arkadag eýýamynda üsti açylyp, külli türkmen iline ýaýrady, aýratyn-da kenarýakada ýaşaýan ildeşlerimizi, deňiz ulagy pudagynda zähmet çekýän deňizçilerimizi çäksiz begendirdi we buýsandyrdy. Nesip bolsa, 2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda taýmylly ýüzüşiň tamamlanyna 89 ýyl dolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň içi hazynadan doly “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ensiklopedik kitabynda: “Şu ýerde geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda türkmen taýmylçylarynyň Moskwa ýüzüşini amala aşyrandyklaryny hem bellemek isleýärin”(221-sah.) diýip, aýratyn belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyz geçen döwürlerde geçmişde ýatdan çykyp galan şahsyýetlerimizi ýüze çykarmak baradaky berýän tabşyryklary üstünlikli berjaý edilýän döwürde gaýduwsyz türkmen taýmylçylary hem ýatlanylmaga mynasypdyr.
Dabara gatnaşan taýmylçy Sary Orazowyň gyzlary: Käbe daýza, Täşşan daýza taýmylly ýüzüş barada täsirli gyzykly gürrüňleri berdiler. Talyp ýaşlar bu geň galdyryjy, görülip eşidilmedik taýmylly ýüzüş baradaky taryhy ýatlamalar olarda uly täsir galdyrydy we özleriniň gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler we anyk jogap bilen kanagatlandylar.
G.Gurbanowa sözüniň ahyrynda talyp ýaşlara edil şol gaýduwsyz taýmylçylar ýaly Watana şöhrat getirjek adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi we taryhymyzy mirasymyzy galdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyp sözüni jemledi.
Bu dabaraly çäräniň dowamy mukaddes muzeýde talyplary 1936-njy ýyllaryň jümmüşine alyp gidýän gezelenç bilen utgaşdy. Kalby buýsançdan doly talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin tükeniksiz alkyşlar bilen, bu dabaraly çäre tamamlandy.

Ýunus Şanyýazow, Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň öwreniji mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20