Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gezelenç

2771 6-njy oktýabrda gussaly sene -Hatyra güni bellenip geçilýär. Ol gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlar ýatlanýar. Şu gussaly gün mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, aýat-töwir okalýar we sadakalar berilýär. Şeýle hem Haryra gününde "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gül desseleri goýulýar.
Ynha, şol sene mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary bilen "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy we söhbetdeşlikler geçirildi.
Goý, Beýik Biribar Hatyra gününde oklan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!
Gülnabat Daňatarowa "Awtomobil ulagynyň ulanylyşy" kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20