Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy atly söhbetdeşlik
2314 Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda “Garaşsyzlyk köňülleriň buýsanjy” atly wagz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä institutymyzyň mugallymlary, merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň işgäri we bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar. Wagz-nesihat çäresinde diýarymyzyň garaşsyzlyk toýuna uly taýýarlykly barýandygy barada söhbetli gürrüňler edildi. Watanymyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitler, ösüşler we özgerişler baradaky joşgunly gürrüňler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçiler.Döredilýän ähli şertler, mümkinçilikler halkyň bähbidine gönükdirilendir.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.
Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin türkmen halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Gülnabat Daňatarowa.,“Awtomobil ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy