STEM usulyýeti boýunça bäsleşik geçirildi
5192 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünliklere beslenip, beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman sanly ulgamy esasynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmeklerine gyzyklanma döretmek maksady bilen, şeýle hem alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar.
Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2025-nji ýyl üçin Ýol kartasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň inžener ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze görnüşlerini, usullaryny ornaşdyrmak, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini ýüze çykarmak, ussat mugallymlaryň baý tejribesini ýaş mugallymlara öwretmek bolup, okuw sapaklaryny häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagy ýola goýmak hem-de sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen özara aragatnaşygy işjeňleşdirmek ýaly wezipelerden ugur alýar.
Bäsleşik öz işini ýurdumyzyň birnäçe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda plenar maslahaty geçirmek bilen başlady. Maslahatda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan uly işleri we bu ulgamyň gerimini giňeltmek, maddy binýadyny berkitmek babatda ýetilýän sepgitler barada çykyşlar diňlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplaryň bilim babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, ýaşlary amaly nazarlanan meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek, bilime höweslendirmek, sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň we öňdebaryjy ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny işjeňleşdirmek hem-de zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek babatynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän wezipeler çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Dabarada institutyň çeper höwesjeňleriniň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň beýik ýeňişleri baradaky ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Soňra bäsleşik öz işine başlady we nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalar, energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary we innowasion ykdysadyýet ugurlary boýunça okuw sapagyny okatmak görnüşinde geçirildi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda geçirilen okuw sapagy kompýuter toplumynda slaýdlary, animasiýalary, wideolary we interaktiw tagtasyny peýdalanmak arkaly amala aşyryldy we sapagyň dowamynda degişli okuw dersi boýunça enjamlar, dürli esbaplar, maketler, modeller toplumy we görkezme esbaplary ulanyldy.
Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzyň bilim ulgamy tarapyndan STEM usulyýeti öwrenmek we okuw prosesine ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hut şonuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran
179-njy Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023–2028-nji ýyllarda inžener ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynda tapgyrlaýyn STEM maksatnamasy esasynda okuw işini guramak boýunça meýilleşdirilen çärelere laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň ýol kartasy» işlenip düzüldi.
Ýol kartasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur almak bilen, Inžener ugurly ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe dersiň esasynda okatmagyň STEM usulyýetini peýdalanmak arkaly özbaşdak barlag, hasap-çyzgy işlerini ýerine ýetirmek boýunça ýumuşlary işläp düzmegiň Tertibi taýýarlanyldy we häzirki wagtda degişli ýokary okuw mekdeplerde bu işleri amal etmekde giň göwrümli işler alnyp barylýar.
Bäsleşige Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan, Myrat Garryýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinden, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalary we informatika institutyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Türkmen oba hojalyk institutyndan hem-de Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinden mugallymlar işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylaryň ähli şertler boýunça ýerine ýetiren işleri öz täsirliligi bilen tapawutlanyp, emin agzalary tarapyndan oňyn bahalandyrylyp netijeler yglan edildi we ýeňijilere institut tarapyndan diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Elbetde, geçirilýän şeýle bäsleşikler ýaşlaryň geljekde ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmekde, bäsleşige ukyply ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmekde we önümçilige ornaşdyrmakda özüniň uly ähmiýetini ýetirer.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda okatmagyň STEM usulyýeti boýunça geçirilen bäsleşik, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa,Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy