Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym - dünýä dolýar parahatlyk mukamyň” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy
3041 Ählimize mälim bolşy ýaly 2026-njy “Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem merdana türkmen halkymyz baş baýrama - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Bu ýörelge indi bizde asylly däbe öwrüldi. Häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhubelentliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolan bu sene halkymyzy täze belentliklere ruhlandyryp, ýüreklerde ata Watanymyza, bagtyýar şu günümize hem-de nurana geljegimize buýsanç duýgularyny berkidýär. Munuň özi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, medeni hem-de ruhy baýlygy alamatlandyrýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli, paýtagtymyzda ýerleşýän “Altyn aý” toý mekanynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň bilelikde taýýarlan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bagtyýarlygyň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
B. Kulyýewa., Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy