MUKADDES GARAŞSYZLYK BAGTYÝARLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BINÝADYDYR
420 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy ýokary derejede bellenip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “MUKADDES GARAŞSYZLYK BAGTYÝARLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BINÝADYDYR” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň Watanymyzyň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýady bolan Mukaddes Garaşsyzlyk baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Many-mazmunly çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.Türkmenistanyň Garaşsyzlygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Garaşsyzlyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Dabaranyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdymdyr-şygyrlarynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzyň geljege rowan ösüşleri has-da dabaralandy.Baýramçylyk mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabara, halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.