Bagtyýarlygyň ýürek buýsanjy
20216 “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly bilimi has-da ösdürmek, biz ýaşlaryň okaýan biliminiň mazmunyny baýlaşdyrmak we okuwyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Dünýäde tehnologiýalaryň barha batly depginler bilen ösýändigi bu gün ähli pudaklarda döwrebap ylymly-bilimli hünärmenleriň sanynyň artdyrylmagyny talap edýär. Hut şunuň ýaly maksatlary göz öňüne tutmak bilen hem ýurdumyzyň ulag logistika pudagy we inžener-tehniki ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ýaşlaryň öz saýlan kärleriniň eýesi bolmagy we döwrebap bilimli, ökde hünärmenler bolmak üçin uly mümkinçilikler döredilen.“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda ýurdumyzyň müňlerçe bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda maňa hem ýokary okuw mekdebiň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle ajaýyp baýramçylyk ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçip ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolandygyma buýsanjymyň-begenjimiň çägi ýok.
Biziň halkymyzda “Bilimli nesil-kuwwatly Watan” diýen pähim bar. Men mekdepde okan ýyllarymda 2023-2024-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň etrap tapgyrynda biologiýa dersinden I orna mynasyp boldum. 2024-2025-nji okuw ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen internet ders bäsleşiginde himiýa dersi boýunça gatnaşyp üstünlikli çykyş etdim.
2024-2025-nji okuw ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen «Zehinli ýaş himik» atly bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip «Minnetdarlyk haty» bilen sylaglandym.
Hormatly Prezidentimiziň “Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan
zähmeti baýdak edinmelidir” diýen pähiminden ugur alyp biz talyp ýaşlar, ata Watanymyzyň şöhratyny belende götermek üçin yhlasly okajakdygymyza, ýaşyl tugumyzyň mertebesini hasam belende göterjekdigimize talyp ýüregimizden Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ynandyrýarys. Şeýle ajaýyp hem buýsançly zamanada türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, belent başlary elmydama aman bolsun!
Aýşöhle Begjanowa, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.