Ýürek buýsanjym
20057 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda ýurdumyzyň ençeme bagtyýar ýaşlary bilen bir hatarda maňa hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle ajaýyp döwürde ýagny, baky Bitaraplygymyzyň 30-ýyllygynyň bellenilýän ýylynda giriş synaglaryndan üstünlikli geçip ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolandygyma begenjimiň çägi ýok.Biziň halkymyzda “Sport saglygyň girewidir” diýen ýaly pähim bar. Şeýle pähim-parasatlardan ugur alyp men ýurdumyzda sagdyn ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe sport bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşdym. 2025-nji ýylda Täjigistan döwletinde geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda sportuň Wushu-Sambo görnüşi boýunça çykyş edip baýrakly III orna mynasyp boldum.
Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz talyp ýaşlara ýurdumyzda iň döwrebap bilimleri almagymyz, ýurdumyzy we halkymyzy beýik gelejegimize tarap ynamly alyp gitjek hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Muny men ýaňy okuwa gadam basan ýokary okuw mekdebim bolan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mysalynda hem aýdyp bilerin. Bu ýerde döwrebap bilimleri almak üçin ähli şertler döredilipdir.
Nesip bolsa, biz gelejekde mähriban Prezidentimiziň uly ynamyny ödemek üçin, döredilip berilýän şu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp ylymly-bilimli bolup, öz kärimiziň ussatlary bolup ýetişmek üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden egsilmez sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary elmydama aman bolsun!
Geldimuhammet Nepesmyradow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby