ÝOLLARYMYZ UZAÝAR BAHRY-HAZARA

26317 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek bilen bagly geljegi nazarlaýan, ulag we logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýan möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag-logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Şunuň bilen birlikde, Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitläp, halkara giňişlikde häzirki zamanyň
talaplaryna laýyk gelýän teklipleri öňe sürýär” diýip bellemegi Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigine şaýatlyk edýär.
Ulag we aragatnaşyk ulgamy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Her bir döwlet
öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we önümçilik mümkinçiliklerini ulanmagyň
hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady
bähbitleri öňe sürýär. Bu dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginlerde ösmegine itergi berýär. Üstaşyr geçirmegiň düýp mazmuny ulag hyzmatlaryny eksport etmekdir. Häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň iň güýçli bazar boljakdygy we onda öz aragatnaşyk ulgamlaryna sebitara ýük gatnawyny çekmegi başaran ýurtlaryň uly bähbit görjegi aýdyňdyr.
Geljegi nazarlaýan işleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda 2019-njy ýyldan bäri Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanyna sepleşýän ägirt uly Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasynyň gurluşygy häzirki wagtda uly depgin bilen amala aşyrylýar. Ol üç tapgyrda amala aşyrylyp, uzynlygy 203 kilometr bolan Aşgabat-Tejen we 109 kilometr uzynlykly Tejen-Mary bölekleri açylyp ulanylmaga berildi. Jemi uzynlygy 600 kilometr bolan bu ýokary tizlikli ýoluň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär. Mundan başgada ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunda hereket bölekleriniň biri-birinden ýörite zolaklar arkaly bölünmegi, her ugurda hereket zolagynda adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň, adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewleriň bolmagy ýoluň asudalygyny üpjün edýär. Gurluşykda ýol örtüginiň ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan serişdeleriň bolmagy ýol örtüginiň we köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrýar. Bu hem awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy kepillendirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli döwlet syýasatynda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky alada aýratyn ähmiýet berilýär. Adamyň abadan we bolelin ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary ähmiýete eýe bolan, ulag ulgamynyň möhüm orny döwlet ähmiýetli resminamalarda giňişleýin ykrar edilýär. Bu resminamalary seljermek bilen, olarda ulag hyzmatlarynyň, ýagny awtomobil, demir ýol, howa we suw ulaglarynda ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň ýokary hilini we elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, täze ulag ulgamlarynyň we ulag-logistika tehnologiýlarynyň döredilmegi we ýaýradylmagy ileri tutulýar. Onuň ýokary hilli amala aşyrylmagy üçin, halkara standartlary bilen sazlaşýan ulag infrastrukturasynyň döwrebap ösdürilmegi zerur hasaplanylýar.
21.07.2025 Jemşit Çüriýew
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň mugallymy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20