“AŞGABAT-TÜRKMENABAT” AWTOBANY – DÖWREBAP ULAG TASLAMASY
26230 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyza peşgeş beren “Hakyda göwheri” atly kitabynda: “Biz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmelidiris. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin” diýip bellemegi, ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, ulag babatda birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyp, möhüm resminamalaryň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.Ulag-logistika ulgamynyň ýokary depginde ösdürilmegi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin esasy şertleriň biridir. Türkmenistanyň durnukly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamyny döretmek we ösdürmek baradaky oňyn başlangyçlary we teklipleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň dürli mejlislerinde Kararnamalar kabul edildi. Olaryň arasynda “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda”, “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” we “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamalary görkezmek bolar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi esasynda başy başlanan uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyrynyň gurluşyk işleri dowam edýär. Bu ýol ýurdumyzyň ägirt uly ýol-logistika taslamasy bolmak bilen, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeldilmegine, ýurduň ulag ulgamynyň sebit hem-de halkara derejeli ösen üstaşyr geçelgeleriniň toruna netijeli we sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Bilşimiz ýaly, bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gurluşygy “Aşgabat-Tejen”, “Tejen-Mary” we “Mary-Türkmenabat” ýaly üç bölekde alyp barýar. Gurluşygy jogapkärçilikli we gyzgalaňly pursatlarda dowam edýän ýoluň üçünji bölegi hem meýilnama laýyklykda alty hereket zolagyndan ybarat bolup, onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Bu görkezijiler dünýädäki ýol gurluşyk desgalaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýär.
Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleş-
dirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy, hereketlendiriji güýji bolmak bilen, halkara ulag-logistika ulgamynyň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Ulag-logistika pudagynyň yzygiderli
ösdürilmegi durmuş-ykdysady ösüşler bilen özara sazlaşygy emele getirip, halkara
hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine oňaýly täsir edýär.
21.07.2025
Annaberdi Berdiýew
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy