«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BILIM SYÝASATY INNOWASION ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLUDYR»
1134 Häzirki wagtda ylymly, bilimli, ýokary ahlakly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek maksady bilen 2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BILIM SYÝASATY INNOWASION ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLUDYR» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşiniň täze döwri – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başarnykly, giň gözýetimli, öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes Watany, ene topragy jany – teni bilen söýýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil innowasion tehnologiýalardyr maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda öňde goýan döwlet syýasaty dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle-de olar ýurdumyzda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanuny, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we beýleki resminamalaryň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde esasy hukuknamalar bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Maslahatyň çäklerinde talyp ýaşlaryň çykyşlaryna hem aýratyn orun berildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri, ösen tehnologiýalardan kämil baş alyp çykarmaklary babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.
Ylym bölümi