Türkmen halysyň milli muzeýinde talyp ýaşlaryň üme ýazgysy

1306 Türkmen zenanlarymyzyň zehininden hem-de akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.
Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren halylar bize ata-babalarymyzyň “Öý haly ýazylan ýerden başlaýandyr” diýip aýdyp geçen ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär.
Umuman türkmeniň el işleriniň ählisi , ýagny keşde, gaýma gaýamak, örüm işleri, köjüme, pugtama özüniň nepisligi, inçeligi, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýar, halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsini özünde jemleýär.
“Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary” institutynyň talyp gyzlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýindäki ýazgy hem ýokary guramaçylykly geçirildi, bu bolsa milli medeni gymmatlyklarymyza çäksiz sylag hormat goýulýandygynyň alamaty.
Talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlary, läleleri hem-de ýürek buýsançly çykyşlary milli medeniýetimize, el işli zenanlarymyzyň zähmetine bolan buýsanç duýgylarynyň çäksizdigini aýdyň görkezdi.
Ýazgy wagtynda daşary ýurtly döwletlerden gelen myhmanlar hem teleýazgydaky pursatlary synlap, türkmen gyzlarymyzyň asyllylygyna, zähmetsöýerliligine, sypaýylygyna, olaryň ýerine ýetiren işleriniň “iňňe bilen guýy gazmak” diýlişi ýaly öz elleri bilen ýerine ýetirendiklerine haýrana galdylar, bu bolsa halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly hoşniýetli gatnaşyklarynyň bardygynyň aýdyň alamatydyr.
Talyplarymyzyň her bir çykyşynda bizi şeýle eşretli döwürde, baky bagtyýarlykda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Milliligimiz, medeniýetimizi, maddy däl gymmatlyklarymyzy aýawly saklamaga olary dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
B.Kulyýewa,. Institutyň Ilkinji Zenanlara guramasynyň başlygy

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20