Halkara ylmy-amaly maslahat çakylyk haty

276 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilýän «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2025-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli aşakdaky elektron salga ibermeli:
tituki.ylym.bolum@gmail.com
Maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis.
Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler:
I bölüm. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy.
II bölüm. Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary.
III bölüm. Türkmenistanyň ulag pudaklarynda ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1). Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
telefonlar: +99312392605; +99365668694, +99371409824, +99365031565
elektron salgylar: tituki.ylym.bolum@gmail.com, tit.we.uki@gmail.com
web sayt: https://tituki.edu.tm
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilýän «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri we nutuklaryň gysgaça beýanyna bildirilýän
TALAPLAR
Ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri
1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri maslahata diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy- barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.
2. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):
Familiýasy
Ady
Atasynyň ady
Wezipesi
Alymlyk derejesi, ady
Işleýän ýeriniň doly ady
Işleýän ýeriniň salgysy (poçta adresi bilen bilelikde)
Iş telefony
Nutugyň ady
Nutugyň tematiki ugry
Nutuk haýsy dilde taýýarlanyldy
3. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
4. Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
5. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen we rus dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
6. Maslahatyň geçirilýän gününde sanly ulgam arkaly hakyky wagtda gatnaşmaga mümkinçiligi bolmadyk daşary ýurtly gatnaşyjylar çykyşlarynyň wideo ýazgylaryny öňünden Guramaçylyk toparyna iberip bilerler (5-7 minutlyk çykyş).Awtorlar iberilen resminamalaryň, çykyşlaryň mazmunyna we hiline şahsy jogapkärçilik çekýärler.
Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna
bildirilýän talaplar
1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy — «kitap» görnüşli, şrifti — Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.
4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *.docx giňeltmesi bilen).
5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
- awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň merkezi boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Aman Amanow (Türkmenistan));
- eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
- makalanyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
- nutugyň gysgaça beýanynyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli.
6. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlaryň kömegi bilen ýazylmaly.
7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
8. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Amanow Aman Amanowiç, faýlyň ady – «Amanow A.A.tez.doc».
9. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Mysal üçin, «Amanow A.A.reg.doc»
10. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär
Guramaçylyk topary

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20