“AI_HACK” ATLY HAKATON BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI

336 TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY TARAPYNDAN GEÇIRILEN ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA “AI_HACK” ATLY HAKATON BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI


2025-nji ýylyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünliklerine beslenip, beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine köpçülikleýin çekmekde, olarda bilime gyzyklanma döretmekde, şeýle hem alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar.
Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmeklerine gyzyklanma döretmek we olaryň ylmy döredijilik ukyplaryny artdyrmak maksady bilen Hakaton bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşikde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda emeli aň tehnologiýalaryny logistikada ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezýän programma üpjünçiligini taýýarlamak, dürli algoritm kodlary düzmek ýaly işler bäsleşigiň şertine laýyklykda ýerine ýetirildi.
Hakaton bäsleşiginde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty Baş baýraga, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty I orna, Türkmen Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty II orna,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty III orna mynasyp boldular.
Bu geçirilen Hakaton bäsleşigi, ýurdumyzda durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölümi.


Paýlaş

13/06/2025

ÇAKYLYK HATY

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiý

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20