TALYPLARYŇ TOMUSKY OKUW TEJRIBELIKLERI KÄMILLEŞÝÄR

10329 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, okuw prosesinde innowasion tehnologiýalary we okatmaklygyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmaklygy dowam etmek, şeýle hem institutda döwrüň talabyna laýyk gelýän tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen dershanalar we döwrebap ylmy-barlag tejribehanalary bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek işleri yzygiderli ýola goýulýar.
Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlara institutyň professor-mugallymlary tarapyndan ýurdumyzyň senagat ulgamynyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik okuw tejribeliklerini hem yzygiderli gurnaýarlar.
Ýakynda, ýokary okuw mekdebiň “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hem-de “Demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak” hünärleriniň talyplary institutyň döwrebap tejribehanalarynda okuw tejribeligini geçdiler. Bu okuw tejribeliginde talyplar hormatly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy ugrunda önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary aldylar.
Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň uly depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişmeli talyp ýaşlara bu günki gün ýokary okuw mekdebindäki häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlarda, şeýle hem, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi hem-de göçme önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Sanly ulgamy ulanmak arkaly geçirilýän döwrebap okuwlarda talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň senagat toplumynyň maddy binýadynyň berkemegi ugrunda alnyp barylýan işler barasynda hem-de sanly ykdysadyýetimiziň ösüşleri barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar. Şunuň ýaly tejribelik okuwlary talyplaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynda uly buýsanç döredýär hem-de şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.

Поделиться

17/05/2025

«Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана»

15 мая 2025 года в Институте инженерно-технических и транспортных коммуникаций Туркменистана состоялась научно-практическая конференция под названием «Научные основы конституционного государственного строя Туркменистана», приуроченная ко Дню Конституции и Государственного флага Туркменистана. В эпоху Возрождения новой эры могущественного государства, благодаря дальновидной государственной политике уважаемого Президента, Туркменистан признан во всем мире как всесторонне развитое государство. В основе достигнутых высот лежат целевые программы, реализуемые в соответствии с Основным Законом. Это, в свою очередь, способствует полной признательности государственной политики, проводимой нашим национальным Лидером — Герой Аркадагом и уважаемым Президентом Аркадаглы Сердаром, укреплению международного авторитета нашей страны, поднятию нашего зелёного флага на высоту. Это ярко отражается и на праздничных мероприятиях, проводимых в честь Дня Конституции и Государственного флага, находя своё великолепное выражение. Государственный флаг, гармонирующий с красотой живописных уголков у подножия Копетдага, символизирует бесценные ценности, такие как патриотизм и любовь к родной стране, олицетворяет великий творческий дух нашего народа, свободно развевается на весеннем ветру. Результаты масштабных реформ, проводимых в нашей стране, ощущаются на каждом шагу. Туркменская земля преображается, покрываясь цветущими садами, меняется облик городов и сел, укрепляется экономическая мощь нашей Родины. Ежегодно 18 мая по случаю Дня Конституции и Государственного флага Туркменистана проводятся праздничные и агитационно-просветительские мероприятия. Эти мероприятия ярко выражают нерушимое единство, сплоченность нашего народа, его преданность мудрым заветам славных предков, принципам счастливой современной и будущей жизни, уверенные шаги на пути прогресса и процветания, выбранному нашей Родиной. От всей души поздравляем доблестный туркменский народ, Национального Лидера туркменского народа Героя Аркадага и уважаемого Президента Аркадаглы Героя Сердара с Днём Конституции и Государственного флага Туркменистана. Отдел науки института

Адрес:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Телефонные номера:
(+993 12) 39-26-20