Institutda “AI-Haсk” atly Hakaton bäsleşigi geçirildi
208 2025-nji ýylyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünliklerine beslenip, beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk kämil hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw-usuly, ylmy-barlag işlerine köpçülikleýin çekmekde, olarda bilime gyzyklanma döretmekde, şeýle hem alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar tarapyndan uly göwrümli işler alnyp barylýar.
Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaşlaryň tebigy we takyk, inženerçilik we tehniki ylymlary öwrenmeklerine gyzyklanma döretmek we olaryň ylmy döredijilik ukyplaryny artdyrmak maksady bilen Hakaton bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşikde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda emeli aň tehnologiýalaryny logistikada ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezýän programma üpjünçiligini taýýarlamak, dürli algoritm kodlary düzmek ýaly işler bäsleşigiň şertine laýyklykda ýerine ýetirildi.
Hakaton bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, dizaýnerçilik, konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli talyplary, ýaş alymlary we mugallymlary gatnaşdylar. Elbetde, geçirilýän şeýle bäsleşikler ýaşlaryň geljekde ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmekde, bäsleşige ukyply ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmekde we önümçilige ornaşdyrmakda özüniň uly ähmiýetini ýetirer.
Bu geçirilen Hakaton bäsleşigi, ýurdumyzda durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Çeper Gylyjowa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasilary institutynyň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy